- janypkeşlik
- [ja:ny:pkeşlik]1) Janygyp işlemeklik, yhlaslylyk.∙ Janypkeşlik bilen ýapyşylan işiň zarpçylaryň ýanynda manysy bolmaýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)2) Wepadarlyk, ýürekdeşlik, tüýs ýürekden berlenlik.∙ Özüniň janypkeşligini oňa subut etjek bolup çalyşýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem janypkeşlik - janypkeşligi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.